“Mahmal Zip” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň bazarynda alkogolsyz içgileri öndürip we önümlerini alyjylara ýetirip, üstünlikli derejede barha ulalýan ýaş kompaniýadyr. Öndürýän içgileriniň görnüşleriniň köp bolmagy we hiliniň ýokary bolmagy kompaniýanyň önümlerine uly meşhurlyk gazandyrýar.

IÇGILERIMIZ

HER DAMJADAN LEZZET AL!

Biz barada

Döwrebap Ýewropa tehnologiýasy ornaşdyrylan içgi kärhanasy Aşgabadyň etegindäki Abadan ykdysady zolagynda guruldy. Kärhanada Germaniýanyň, Italiýanyň we Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýa enjamlary ulanylýar.

“Mahmal Zip” HJ Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasydyr.

Içgileriň ähli görnüşiniň önümçiliginde ýokary hilli çig mallar we döwrebap tehnologiýa ulanylýar. Içginiň her bir görnüşiniň esasy düzümi bolan tebigy goşundylar Ýewropada öndürilip, olar “Mahmal Zip” HJ-niň kärhanasyna Russiýanyň “SoýuzSnab” kompaniýasy tarapyndan iberilýär.

“Mahmal Zip” H.J. içginiň önümçiligi we ýaýradylmagy boýunça Türkmenistanda “Sinalco”-nyň ýeke-täk ygtyýarly wekili bolup durýar. Häzirki günde "Sinalco" Cola, Orange, Zitron we zirk tagamly içgisi bolan Sinalco Jump ýaly görnüşli içgilerinden ybaratdyr.

SINALCO JUMP

SINALCO ORANGE

SINALCO ZITRON

SINALCO COLA

Kwas

Gündogar Ýewropa we Aziýa sebitlerinde iň meşhur we giňden ýaýran sowadyjy içgileriň biridir.
Kwas örän peýdaly önüm hasaplanýar, gaýtalanmajak tagamly we hoşboý yslydyr. Ýokary energetiki gymmatlygy bar we turşulyklary saklamagy netijesinde suwsuzlygy gowy gandyrýar. Kwasda saklanýan kömür turşusy iýmit siňdirilmegine we işdäň açylmagyna ýardam edýär.

Adaty kwas şire suwunyň tamamlanmadyk spirtli we süýtli turşamasy arkaly taýýarlanýar we etil spirtiniň 1,2% ýokary bolmadyk göwrümli bölegini saklaýar.
“Mahmal Zip” H.J. ýokary hilli TEBIGY KWASY iki görnüşli gapda öndürýär, 1,5 we 0,475 litr sygymly PET çüýşe we 0,5 litr sygymly alýumin banka.

Mohito

Suwsuzlygy örän gowy gandyrýan bütin dünýäde meşhur bolan laým we narpyz esasly kubin kokteýli adatça klassiki bar içgisi hasaplanýar. Süýji serginleşdiriji sitrusyň we narpyzyň utgaşmasy bu kokteýli iň meşhur tomus içgileriniň biri etdi.

“Mahmal Zip” H.J. Mohito içgisini iki görnüşli gapda öndürýär, 1,5 we 0,475 litr sygymly PET çüýşe we 0,33 litr sygymly alýumin banka.

Address: Turkmenistan, Aşgabat şäheri, Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji "A" jaýy.
Tel: +993 12 34-75-22

powered by CaspyCreative